26/10/2026
186
MEKDEP OKUWÇYLARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň guramagynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýokary synp okuwçylary bilen duşuşyk geçirildi. Oňa Aşgabat şäheriniň Annanyýaz Artyk adyndaky ýöriteleşdirilen 68-nji orta mekdebiniň okuwçylary gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda institutyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň doktory Begenç Karaýew Birleşen Milletler Guramasynyň taryhy, ösüş döwürleri, alyp barýan işleri hem-de Türkmenistan bilen gatnaşyklary barada giňişleýin gürrüň berdi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň başlangyjy bilen bu guramanyň çäginde kabul edilen kararnamalaryň ähmiýeti we häzirki wagtda öňe sürýän teklipleri barada belledi.
Duşuşygyň ahyrynda mekdep okuwçylary halypa mugallyma beren gyzykly gürrüňleri üçin köp sagbolsun aýtdylar we oňa özlerini gyzyklandyrýan sowallaryny berdiler. Şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi geljekki hünärmenleriň bilimini we tejribesini artdyrmaga uly mümkinçilikleri döredýär.
Guwanç ALIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby