23/09/2024
1750
Medeniýetli dynç alyş
2024-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda “Aşgabat” kinokonsert merkezinde “Istärin” atly çeper filmiň görkezilişi boldy. Oňa paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary bilen bilelikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem mugallymlary gatnaşdylar. Kinokonsert merkezinde görkezilen film Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde režissýor Arslan Eýeberdiýewiň ýolbaşçylygynda surata düşürilipdir. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli görkezilen filmde Magtymguly Pyragynyň ömri, döredijiligi giňişleýin we täsirli beýan edilýär. Biziň ussat artistlerimiz keşpleri ökdelik bilen ýerine ýetirendiklerini filmi tomaşa edeniňde has-da göz ýetirmek bolýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ýylymyzda şular ýaly filmleriň döredilmegi halkymyzyň söz sungatyna uly sarpa goýýandygyna şaýatlyk edýär. Biz ýaşlara dynç günleri medeniýetli dynç almaga uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunymyzy aýdýarys.
Aýperi AKMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler
01/05/2026
YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
30/04/2026
SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
29/04/2026
ÝAŞ ŽURNALISTLER ÜÇIN OKUW SAPAGY GURALDY