Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / MAŞGALA GYMMATLYGY
    MAŞGALA GYMMATLYGY surady
    30/11/-0001

    813

    MAŞGALA GYMMATLYGY

    2021-nji ýylyň 8-nji iýulynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň halypa mugallymlarynyň alyp barmagynda wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn umumy sapagy geçirildi. Sapaga ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinden ýaş mugallymlar gatnaşdylar. Okuw sapagynyň ilkinji sagadynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň halypa mugallymy, professor Atajan Burinow çykyş edip, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli ýetişdirmekde maşgala gatnaşyklarynyň tutýan ornuny nygtady. Halypa mugallym sagdyn jemgyýeti kemala getirmek üçin psihologiýa we filosofiýa ylymlarynyň döwrebap gazananlary bilen milli aňyýetiň sinteziniň ähmiýetini belläp geçdi.

    Talyp ýaşlara maşgala gymmatlyklaryny düşündirmek we nesil terbiýesinde ulanylmaly usullar okuw sapagynyň özenini düzdi. Halypa mugallym Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň çaga, maşgala terbiýesine degişli dürdäne setirleriniň şu günki güne gymmatlygyny ýitirmän gelendigini, ýaşlaryň hut hormatly Prezidentimiziň göreldesinden ugur almalydygyny aýratyn belledi. Gahryman Arkadagymyzyň millilige ýugrulan, terbiýeçilik ähmiýetli kitaplarynyň, ylaýta-da “Döwlet guşy” romanynyň üsti bilen zähmet terbiýesi berilmeginiň ähmiýeti barada aýdyp, talyplaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmeklerini gazanmaklygy maslahat berdi.

    Tirkişmyrat DURDYÝEW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti

    kafedrasynyň mugallymy

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI