Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty: döwlet gurmagyň hukuk we dolandyryş esaslary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • FINLANDIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
        • Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Туркменский вектор глобальной энергобезопасности – «Энергия. Сотрудничество. Развитие»
        • «AZIÝADA YNAMY BERKITMEK, ULAG BAGLANYŞYGYNY WE EKOLOGIÝA HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA INNOWASION BASLANGYÇLAR» ATLY OKUW-USULY SEMINARY GEÇIRILDI
        • «ЦА+1» в Самарканде: как регион ищет баланс между интеграцией и суверенитетом
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Habarlar / «MAHABAT ÜSTÜNLIGIŇ AÇARY» ATLY FESTIWAL GEÇIRILDI
    «MAHABAT ÜSTÜNLIGIŇ AÇARY» ATLY FESTIWAL GEÇIRILDI surady
    01/06/2023

    3167

    «MAHABAT ÜSTÜNLIGIŇ AÇARY» ATLY FESTIWAL GEÇIRILDI

    2023-nji ýylyň 31-nji maýynda Tehnologiýalar merkezinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Ýaş telekeçileriň we ýaşlar kärhanalarynyň arasynda «Mahabat üstünligiň açary» atly festiwalyň hem onuň çäklerinde şeýle at bilen geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etmek dabarasy geçirildi. Festiwal ýaşlary mahabat işine çekmekde olaryň döredijilik ukyplaryny, başarnyklaryny, özboluşly çözgütlerini ýüze çykarmak, iň oňat mahabat önümini we mahabat nusgalaryny döretmek maksady bilen geçirildi. Bu bolsa, dörediji türkmen ýaşlarynyň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. «Mahabat üstünligiň açary» atly festiwalyň çäklerinde geçirilen bäsleşige 150 dalaşgär öz işleri bilen gatnaşyp, deslapky saýlawyň netijesinde olaryň arasyndan 36 mahabat işi aýratyn tapawutlanmagy başardy. Bäsleşigiň netijesi boýunça Baş baýragyň eýesi, 1 sany bäsleşigiň ýeňijisi we dürli nominasiýalarda 12 ýeňiji yglan edildi. Şolaryň arasynda institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyplary Aýlar Atajykowa we Gunça Hamedowa «Radioýaýlymda mahabat», Kyýat Ilamanow «Adaty däl mahabat» nominasiýalary boýunça ýeňiji diýlip yglan edildi. Şol fakultetiň 3-nji ýyl talyplary Bakydurdy Garaýewiň we Gytja Atdaýewanyň, 2-nji ýyl talyby Bägül Kakalyýewanyň, 1-nji ýyl talyby Berdigylyç Ýazmyradowyň hem-de Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Kadyrmyrat Öwezgylyjowyň mahabat işleri aýratyn tapawutlanyp, höweslendiriji baýraklara eýe boldy. Ýeňijilere bäsleşigiň guramaçylar topary tarapyndan Diplom we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Baýraklaryňyzyň höwri köp bolsun talyp deň-duşlar!

    Bägül MERDANOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY– GADYMY TÜRKMEN DÖWLETLERINIŇ PARAHATÇYLYKLY WE HOŞNIÝETLI BITARAPLYK SYÝASATYNYŇ MYSALY HÖKMÜNDE ATLY OKUW-USULY SEMINAR GEÇIRILDI surady

    23/10/2026

    BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY– GADYMY TÜRKMEN DÖWLETLERINIŇ PARAHATÇYLYKLY WE HOŞNIÝETLI BITARAPLYK SYÝASATYNYŇ MYSALY HÖKMÜNDE ATLY OKUW-USULY SEMINAR GEÇIRILDI
    BMG-niň 81 ýyllygyna bagyşlanan «Model UN: Language & Negotiation Simulation» atly bäsleşik surady

    23/10/2026

    BMG-niň 81 ýyllygyna bagyşlanan «Model UN: Language & Negotiation Simulation» atly bäsleşik
    BILIM WE HALKARA HYZMATDAŞLYK – ÜSTÜNLIGE  BARÝAN ÝOL surady

    22/10/2026

    BILIM WE HALKARA HYZMATDAŞLYK – ÜSTÜNLIGE BARÝAN ÝOL
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI