Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy
    Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy
    Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy
    Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy
    Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy
    Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy
    Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy
    Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy
    Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy
    Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy
    11/10/2024

    1002

    Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy

    2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlet we hökümet Baştutanlarynyň hem-de wekiliýetleriň gatnaşmaklarynda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum üstünlikli geçirildi. Beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli halkara forumyň ikinji bölümi «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» diýlip atlandyrylyp, ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda guraldy.
    Mälim bolşy ýaly, beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidir. Onuň şygyrlary adamlaryň kalbynyň töründen orun alýar, çünki bu eserlerde bütin adamzadyň üýtgewsiz gymmatlyklary — Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş çuňňur beýan edilýär. Bu ýörelgeler Türkmenistanyň Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirip, ýurdumyzyň diplomatiýasynyň özenini düzýär. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki halkara forumyň ikinji bölüminiň türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde geçirilmeginiň uly ähmiýeti bar.
    Forumyň diňe bir döwletleriň däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň hem ünsüni çekendigini bellemek gerek. Şoňa görä-de, halkara guramalaryň we integrasiýalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri foruma gatnaşmaga isleg bildirdiler.
    Degişli bölümde Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarlarynyň, şeýle hem Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasarynyň we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasarynyň çykyşlarynda beýik şahyrymyzyň umumadamzat mirasy barada giňişleýin durlup geçildi.
    Daşary ýurtly wekilleriň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Magtymguly Pyragynyň şahyrana mirasy ägirt uly medeni we ruhy-ahlak gymmatlyklary hökmünde adamlaryň ruhy dünýäsinde, hakydasynda giň orun aldy. Onuň köptaraply döredijiligi diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş Gündogar halklarynyň medeni-ruhy ösüşine hem uly goşant goşup, dünýä edebiýatynyň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
    Şeýlelikde, ajaýyp söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede baýram edilýän ýylynda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi akyldar şahyryň eserleriniň häzirki döwürde dünýä halklaryny şygryýetiň ruhy bilen baglanyşdyrýan birleşdiriji güýje eýedigini subut edýär. Bu halkara forum beýik türkmen nusgawy şahyrynyň baý edebi mirasynyň mundan beýläk-de wagyz edilmegine, degişli ylmy gözlegleri çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge, onuň şahyrana döredijiligine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge gönükdirilen tagallalaryň nobatdaky aýdyň beýanydyr.

    Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI