30/09/2024
311
Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, ýurdumyzda hereket edýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle-de institutymyzyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Dabara wideoaragatnaşyk arkaly Gruziýanyň Ýazyjylarynyň döredijilik bileleşiginiň, Korneli Kekelidze adyndaky Gruzin milli golýazmalar merkeziniň, Gruziýanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil we edebiýat bölüminiň ýolbaşçylary hem-de ýurduň belli žurnalistleri hem gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa giriş sözi bilen çykyş etdi. Soňra Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň, Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwiliniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory Dawut Orazsähedowyň, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory Rahmet Gylyjowyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Aman Şyhnepesowyň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda akyldar şahyryň goşgularynyň gruzin diline terjime edilmeginiň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Munuň özi beýik türkmen akyldaryna gruzin halky tarapyndan goýulýan uly sarpanyň nyşanydyr diýip, çykyş edenler bellediler. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Gruziýada dürli medeni-köpçülikleýin çäreleriň guralandygy, hususan-da, golaýda Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde ýerleşýän Suhumi döwlet uniwersitetinde türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyraga bagyşlanan ýöriteleşdirilen otagyň dabaraly ýagdaýda açylandygy nygtaldy. Şeýle-de dabaranyň dowamynda Gruziýanyň Ýazyjylarynyň döredijilik bileleşiginiň başlygy, Şota Rustaweli adyndaky baýragynyň eýesi Makwala Gonaşwiliniň, Korneli Kekelidze adyndaky Gruzin milli golýazmalar merkeziniň direktory Zaza Abaşidzeniň, Gruziýanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil we edebiýat bölüminiň akademigi, professor, filologiýa ylymlarynyň doktory Waleri Asatianiniň hem-de Gruziýanyň at gazanan žurnalisti, professor Badri Naçkebiýanyň wideoýüzlenmeleri diňlenildi. Olar öz çykyşlarynda Magtymguly Pyragynyň täze neşirde ýerleşdirilen şygyrlarynyň gruzin okyjylary tarapyndan gyzgyn garşylandygyny belläp, bu kitabyň neşir edilmeginiň türkmen-gruzin medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmakda möhüm ädim bolandygyna ünsi çekdiler.
Jemläp aýdanymyzda bu dabara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Magtymguly Pyragynyň halkara abraýynyň barha pugtalanýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Mätgurban MÄTGURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.
Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz: