30/05/2024
884
Magtymguly Pyragynyň goşgulary dürli dillerde okaldy
2024-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Dünýä dilleri kafedrasynyň guramagynda «Magtymguly Pyragy — dünýä poeziýasynyň şamçyragy» atly talyplaryň arasynda çeper okaýyş bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşik Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuna bagyşlanyldy. Oňa institutymyzyň ähli fakultetleriniň talyplary gatnaşdylar.
Bäsleşigiň dowamynda talyplar akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyny rus dilinde labyzly okadylar. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň goşgulary dünýäniň dürli dillerine terjime edilýär. Çekeleşikli geçirilen bäsleşigiñ ahyrynda Halkara žurnalistikasy, Halkara hukugy hem-de Halkara gatnaşyklary fakultetleriniň talyplarynyň arasynda ýeňijiler yglan edildi. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilip durulmagy talyplaryň dil babatda kämilleşmegine uly ýardam edýär.
Orazjemal ÇARYÝAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.