30/10/2024
294
KIBERHOWPSUZLYGY BOÝUNÇA ONLAÝN SEMINAR
2024-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň binýadynda döredilen Kiberhowpsuzlyk ugry boýunça öňdebaryjy tejribe merkeziniň guramagynda onlaýn seminar geçirildi. Bu seminara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Seminaryň dowamynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy Nazym Maksadow “Häzirki döwrüň antiwirus programmalarynyň gowşaklyklary” diýen tema boýunça çykyş etdi. Ol öz çykyşynda kiberhowpsuzlyk we antiwirus programmalary barada gürrüň berdi. Onlaýn seminara gatnaşan talyplar çykyş edene özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenip, olara anyk jogaplary aldylar.
Hojanýaz GUWANJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň
I ýyl talyby.