614
«Kämilleşmek näme üçin gerek?» atly okuw sapagy
2023-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gujurly Bilim Merkeziniň hünärmenleriniň gatnaşmagunda «Kämilleşmek näme üçin gerek?» diýen tema boýunça okuw sapagy geçirildi.
Institutyň talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirilen okuw sapagyny Gujurly Bilim Merkeziniň maslahatçysy Muhammet Ataýew alyp bardy. Hünärmen geljekki halkaraçylara dil baýlygyny ösdürmekleri, kämilleşdirmekleri üçin özüniň degerli maslahatlaryny berdi, şeýle-de prezentasiýalar arkaly içgin düşündirdi.
Daşary ýurt dillerini öwrenenimizde, şol ýurtlaryň medeniýeti, edebiýaty, däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmaly bolýarys. Şonda jemgyýetiň islendik gatlagy öwrenýän dilini çuňňur özleşdirip bilýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, bilim merkeziniň maslahatçysy Muhammet Ataýew rus, iňlis, amerikan ýazyjydyr-şahyrlarynyň durmuşy, döredijiligi, jemgyýetdäki orny baradaky anyk maglumatlar esasynda gyzykly gürrüňler berdi.
Jahantäç ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.