10/12/2025
84
Jemgyýetde zenanlaryň orny pugtalandyrylýar
2025-nji ýylyň 10-njy dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahaty geçirildi. Bu halkara maslahat parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmekde zenanlaryň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Maslahatda çykyş edenler zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna doly gatnaşmagy ýurduň ösüşine möhüm itergi berýändigini bellediler.
Zenanlar biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn durmuş-ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmäge, milletiň ruhy we medeni mirasyny, milli däp-dessurlaryny ýaş nesilleriň kalbyna ornaşdyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Olar döwlet häkimiýetiniň düzümlerinde zähmet çekýärler, daşary syýasy işlere gatnaşýarlar, telekeçilik bilen üstünlikli meşgullanýarlar. Halkara maslahatda hem döwrebap zenanlaryň aýratyn ukyby — milli maşgala gymmatlyklary belent tutup, şol bir wagtyň özünde hünär we jemgyýetçilik ugurlarynda alyp barýan işleri hakyndaky pikirler öz beýanyny tapdy.
Hazar deňziniň kenarynda şeýle möhüm çäräniň geçirilmegi ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek arkaly durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge ygrarlydygyny ýene bir ýola tassyklady.
Nurgeldi ATAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
26/12/2025
Düzme ýazmak bäsleşiginiň jemleri jemlendi
25/12/2025
Sagdyn-durmuş ýörelgelerini ündeýän bäsleşik