Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
        • Halkara epidemiýa garşy taýýarlyk güni: ählumumy howpsuzlygyň kepili
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / Institutymyzyň talyplary — halkara olimpiadanyň ýeňijileri
    Institutymyzyň talyplary — halkara olimpiadanyň ýeňijileri surady
    23/12/2023

    2131

    Institutymyzyň talyplary — halkara olimpiadanyň ýeňijileri

    2023-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda rus dili boýunça geçirilen Halkara internet olimpiadasynyň ýeňijilerini we baýrakly orunlary eýelänleri sylaglandyryş dabarasy geçirildi.
    2023-nji ýylyň 6-7-nji dekabrynda geçirilen internet olimpiada Türkmenistanda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» şygary bilen tamamlanyp barýan 2023-nji ýylda ýaşlaryň üstünliklerini we ýeten derejelerini artdyran ýene bir möhüm waka boldy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça 50 ýeňiji kesgitlendi.
    Ýeňijileriň arasynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinden, ýagny Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyndan, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetindan, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinden, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutyndan, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyndan, A.Ž.Myrsabekow adyndaky Oş (Gyrgyzystan) döwlet mugallymçylyk uniwersitetinden, I.Altynsarin (Gazagystan) adyndaky Arkalyk mugallymçylyk institutyndan, Özbegistanyň Döwlet dünýä dilleri uniwersitetinden, Samara döwlet sosial-mugallymçylyk uniwersitetinden, Nižnyý Nowgorodyň N.I.Lobaçewskiý adyndaky Döwlet uniwersitetinden, Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetinden (Russiýa) talyplar gatnaşdy.
    Hususan-da, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinden Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplary Muhammet Haýdarow, Batyr Esenow, Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplary Ýulduz Astanowa, Ogulbagt Ataýewa, Selbi Täşliýewa, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary Muhammetmyrat Narmedow, Annaberdi Kaşaňow, Ajaýyp Nobatowa, Döwletgeldi Öwezgeldiýew dagy I orna, Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyby Aýgül Meredowa, Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby Mahym Kakaýewa dagy II orna, Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplary Oguzhan Piriýew, Nurmuhammet Annamyradow, Nazar Ataýew, Şatlyk Hemraýew, Halkara hukugy fakultetiniň talyby Söýün Allaýew, Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplary Gülöwser Rejepowa, Mähriban Mämmedowa, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby Seýran Sopyýew dagy bolsa III orna mynasyp boldular. Olimpiadanyň ýeňijilerine Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň adyndan degişli derejeli diplomlar gowşuryldy.
    Olimpiada ýaşlara rus dili boýunça intellektual we döredijilik ukyplaryny görkezmäge mümkinçilik berdi, şeýle hem talyplaryň gepleýiş, ýazuw we aragatnaşyk endiklerini ýokarlandyrmaga bolan höwesini artdyrdy. Mundan başga-da, bu bäsleşik ylym we bilim pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň giňelmegine we dünýäniň dürli künjeklerinden ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşant goşdy.

    Annaberdi KAŞAŇOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    16/01/2026

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY surady

    14/01/2026

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY
    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri surady

    08/01/2026

    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI