493
Institutymyzyň çäginde geçirilen ýowar
2021-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň çägindäki bagy-bossanlykda ýowar geçirildi. Ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilen ýowara bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary işjeň gatnaşdylar.
Gyş paslynyň soňky aýynyň güneşli bolmagy bu ýowaryň has-da ruhubelent ýagdaýda geçmegine tebigy şert döretdi. Hormatly Prezidentimiziň Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky mübärek çagyryşlaryna ruhubelentlik bilen seslenýän talyplar ýowar güni institutyň çäginde we ýanaşyk ýerlerde ösüp oturan baglara ideg etdiler, agaçlaryň düýplerini agardyp, şahalaryň uçlaryny çyrpdylar, haşal otlary aýryp, tarp ýerleri depdiler. Talyplar şeýle hem abadançylyk işlerini ýerine ýetirdiler.
Ýowaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň bagy-bossanlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe bolýan ýowarlara geljekde hem işjeň gatnaşjakdyklaryny aýtdylar.
Kyýat ILAMANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.