Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
        • Halkara epidemiýa garşy taýýarlyk güni: ählumumy howpsuzlygyň kepili
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / «Iň gowy taýýarlykly sanitar topary» atly ýaryş
    «Iň gowy taýýarlykly sanitar topary» atly ýaryş surady
    03/12/2023

    1770

    «Iň gowy taýýarlykly sanitar topary» atly ýaryş

    2023-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «Raýat goranyşyna we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk boýunça esasy çäreleriň 2023-nji ýyl üçin meýilnamasyny» ýerine ýetirmek maksady bilen, Aşgabat şäheriniň çägindäki ýokary okuw mekdeplerinde döredilen sanitar toparlarynyň arasynda “Iň gowy taýýarlykly sanitar topary” atly ýaryş geçirildi. Ýaryşa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplaryndan döredilen sanitar toparlar gatnaşdylar.
    Ýaryş 4 şertden ybarat bolup, onuň 1-nji şertinde ýaryşa gatnaşyjylar sanitar toparlaryň üpjünçiligini barlamak, ejir çekeni alyp gitmekde enjamlaryň üpjünçiligi barada gürrüň berdiler. Ýaryşyň 2-nji şerti şikes alanlara ilkinji lukmançylyk kömegini bermek boýunça sorag-jogap görnüşinde çekeleşikli dowam etdi. Onuň 3-nji şerti şikes alanlara ilkinji lukmançylyk kömegini bermek boýunça geçirildi. Onda talyplar gaza garşy şahsy gorag serişdelerini we derini goraýan gorag eşigini kada laýyklykda bellenen wagtda geýmekde öz erjelliklerini, çalasynlyklaryny görkezdiler.
    Ýaryşyň netijeleri boýunça 140 bal bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty I orna mynasyp bolup, ýeňiş gazandy.

    Näzbibi GOŇUROWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    16/01/2026

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY surady

    14/01/2026

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY
    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri surady

    08/01/2026

    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI