
968
Ilçi bilen okuw sapagy
2021-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçisi Meret Orazow “Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň geosyýasatdaky eýeleýän orny” atly online okuw sapagyny geçirdi. Bu okuw sapagy Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň diplomatiýa bilen bagly bilim derejesini has hem kämilleşdirmek maksady bilen geçirildi. Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Meret Orazow bu okuw sapagyny iňlis dilinde alyp bardy.
Okuw sapagynyň başynda hormatly ilçi türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň gün-günden ösýändigini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy öz ösüşinde täze tapgyra çykyp, dürli ugurlardaky kompaniýalary we hyzmatdaşlary özüne çekýär, däbe öwrülen ulgamlarda, şeýle hem täze ugurlarda baý mazmunly gatnaşyklar giň gerime eýe bolýar.
Okuw sapagynyň ahyrynda talyplar ilçi bilen özara sorag-jogap alyşdylar.
Baýnazar Nepesow,
Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler

14/11/2024
ILÇI BILEN GEÇIRILEN TÄSIRLI OKUW SAPAGY
03/07/2024
Ilçi bilen geçirilen duşuşyk
06/03/2023
Hormatly myhman bilen duşuşyk