Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ZIMBABWE RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
        • OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
        • Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň diplomatlary bilen jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça okuw sapagy geçirildi
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Новый формат общения экспертов ЦА региона и Азербайджана
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ V SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / HUSUSY KÄRHANADA GÖÇME OKUW SAPAGYNA GATNAŞYLDY
    HUSUSY KÄRHANADA GÖÇME OKUW SAPAGYNA GATNAŞYLDY
    HUSUSY KÄRHANADA GÖÇME OKUW SAPAGYNA GATNAŞYLDY
    08/05/2023

    1444

    HUSUSY KÄRHANADA GÖÇME OKUW SAPAGYNA GATNAŞYLDY

    2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda göçme okuw sapagy geçirildi. Institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň “Ýaş ykdysatçylar” ylmy gurnagynyň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu göçme okuw sapagyny ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň wekilleri alyp bardy. Göçme okuw sapagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň agzasy we beýlekiler çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň hususy pudagy ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň durmuşa üstünlikli geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda telekeçilik ulgamynyň täze belent sepgitlere çykandygyny nygtap aýtdylar. Şeýle-de “Türkmenistanyň 2021–2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynyň” tassyklanylmagynyň netijesinde Türkmenistanyň hususy telekeçiligini ösdürmekde ýurdumyzda işewürligi goldamak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna giň mümkinçilikleri açýandygyny bellediler. 2013-nji ýylda esaslandyrylan “Geljege miras” kärhanasynda guralan göçme okuw sapagynda kärhananyň hünärmeni ýokary hilli polimer önümlerini, ýagny dürli ölçegli haltalary, gurluşykda ulanylýan plasmas dýubelleri, şahsy gorag serişdesini (kaskany), miwe we bakja önümleri üçin plasmas sebetleri, polipropilen monofilament ýüplükleriniň dürli görnüşlerini öndürmekde meşhurlyk gazanan bu kärhana barada giňişleýin maglumat berdi. Ýeri gelende bellesek, ýokary hilli taýýar önümler GDA-nyň ýurtlaryna hem-de Türkiýä eksport edilýär. Okuw sapagynyň ahyrynda talyplar hünärmene özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenip, degişli jogaplary aldylar. Şeýle göçme okuw sapaklarynyň yzygiderli guralmagy talyp ýaşlar - ýaş ykdysatçylar üçin tejribe alyşmakda we göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmakda bilelikdäki duşuşyklaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň we beýleki çäreleriň geçirilişini öwrenmekde uly ähmiýeti bar. Göçme okuw sapaga gatnaşyjylar ýaşlary telekeçilik işine giňden çekmekde berýän çäksiz goldawlary üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.


    Sülgün NEPESOWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    «TALYP GÖZELI – 2026» BÄSLEŞIGINIŇ INSTITUT TAPGYRY GEÇIRILDI surady

    26/02/2026

    «TALYP GÖZELI – 2026» BÄSLEŞIGINIŇ INSTITUT TAPGYRY GEÇIRILDI
    “Türkmenistan we Ýaponiýa: Dünýä medeniýetiniň bitewiligi we aýratynlygy” atly okuw sapagy geçirildi surady

    24/02/2026

    “Türkmenistan we Ýaponiýa: Dünýä medeniýetiniň bitewiligi we aýratynlygy” atly okuw sapagy geçirildi
    Talyplarymyzyň sport üstünligi surady

    23/02/2026

    Talyplarymyzyň sport üstünligi
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI