1277
Hususy kärhanada göçme okuw sapagy guraldy
2023-nji ýylyň 28-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän “Parahat” hususy kärhanasynyň miwedir gök önümlerini gaýtadan işleýän we süýt öndürýän kärhanasynda göçme okuw sapagy guraldy. Bu okuw sapagyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplary gatnaşdylar. Bu treningi kärhananyň hünärmeni Medžidowa Zemfira alyp bardy. Duşuşygyň dowamynda Z.Medžidowa talyplary kärhanada öndürilýän önümler bilen bilelikde olaryň öndürilişi, taýýarlanylyşy, gaplanylyşy, hili bilen tanyşdyrdy. Okuw sapagynyň ahyrynda talyplar Z.Medžidowa özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenip, degişli jogaplary aldylar.
Güljeren ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.