19/09/2024
557
HÜNÄR KÄMILLIGI – DÖWRÜŇ TALABY
Garaşsyzlyk ýyllarynda hemişelik bitaraplygy dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistan döwletimiz bu günki günde öňe sürýän başlangyçlary bilen dünýäde giňden tanalýan, uly abraýdan peýdalanýan döwletleriň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň daşary syýasatynda ähli ugurlarda giň gerimli hyzmatdaşlyklaryň amala aşyrylmagynda diplomatik gullugyna möhüm orun degişlidir. Häzirki wagtda bu gullugyň işini barha kämilleşdirmek ugrunda birnäçe işler amala aşyrylýar.
Geljekki türkmen diplomatlaryny, halkaraçy hünärmenleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uçurym ýyl talyplarynyň önümçilik tejribeliklerini ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky hereket edýän wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda geçmekleri olaryň bu ugurdan öz kärine ussat hünärmenler bolup kemala gelmegine itergi berýär. Biz Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Aýlar Atajykowa we Halkara hukugy fakultetiň 5-nji ýyl talyby Aýna Babaýewa 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda özümiziň önümçilik tejribeliklerimizi geçmäge başladyk. Onuň dowamynda nazaryýetde alan bilimlerimizi tejribede kämilleşdirmäge mümkinçilikler döredilendir. Tejribelik dowamynda bu ulgamda zähmet çekýän hünärmenler bilen bile işleşmek arkaly, diplomatik resminamalary taýýarlamagy öwrenýäris, nazaryýetde alan bilimlerimizi tejribe bilen utgaşdyrýarys. Dowamlylygy 12 hepdelik boljak tejribelikde toplan bilimlerimiz bize geljekde uly goldaw berjekdigine ynam bildirýäris.
Türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, kämil hünärmenler bolup kemala gelmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp kalbymyzdan alkyşlarymyzy aýdýarys.
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň V ýyl talyby.