Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / HÜNÄR EÝESINI EZIZ EDER
    HÜNÄR EÝESINI EZIZ EDER surady
    30/11/-0001

    824

    HÜNÄR EÝESINI EZIZ EDER

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Milli Bilim instituty tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary üçin 2022-nji ýylyň 29-30-na aralygynda “Ýokary bilimiň pedagogikasynyň we psihologiýasynyň meseleleri” atly usuly-amaly okuwlary üstünlikli geçirildi. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda 2022-2023 –nji okuw ýylynyň öňsyrasynda gurnalan usuly-amaly okuwlarynyň baş maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan giň göwrümli işleriň ähmiýetini düşündirmek öňde goýlan aýdyň maksatlary durmuşa geçirmekde pedagogikanyň we psihologiýanyň esaslary barada, okuw işlerini gurnamagyň görnüşleri, talyplaryň bilimini barlamagyň, baha bermegiň usullary, terbiýäniň many-mazmuny, edep-terbiýe bermegiň usullary, we usulyýet tärleri barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň Milli Bilim institutynyň bölüm müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty, dosent Baýmämmet Pirnyýazow Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykaran 340-nji karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy”, sanly bilimiň didaktika meseleleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Bilimiň sanlaşdyrylýan şertlerinde pedagog sanly giňişlikde ähli esasy hünär endikleri ýüze çykarmagy başarmaly. Bu gurşawda pedagog öz dersi boýunça materialy işläp düzmegi, goşmaça maglumaty tapmagy, talyplara öwredilýän materialy gyzykly we ýeňil beýan etmegi, ene-ata we okuwçy bilen özara gatnaşygy ýola goýmagy, çagalaryň ösüş dinamikasyny gözegçilikde saklamagy, özbaşdak kämilleşmegi we sanawda beýan edilenleri özi hem-de okuwçy üçin howpsuz amala aşyrmaly. Gün-günden pedagogyň sanlylaşan serişdeleriniň gerimi giňelip, olar boýunça pedagoga we bilim edarasynyň ýolbaşçylar toparyna işleri düzgünleşdirmek üçin häzirki zaman hyzmatlaryň klassifikasiýasyny saýlamak zerur. Pedagogika ylymlarynyň kandidaty, dosent Gündogdy Şadurdyýew Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynşy döwründe bilim ulgamynda zähmet çekýän pedagogik işgärleriniň öňünde durýan wezipeler we olary amal etmegiň usullary we usulyýet tärleriniň aýratyn reproduktiw usuldan konstruktiw usula geçmek, ozalky bar bolan usullary özgertmek zerur bolup durýanlygy barada, şeýle hem adam aňynyň inženeri bolan mugallym, talybyň başarnygyny dogry akaba ugrukdyrmagy, halypa şägirt gatnaşyklary barada giňişleýin gürrüň berdi we sorag-jogap alşyldy.
    Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny, asylly däp-dessurlaryny, ruhy-ahlak ýörelgelerini öwrenmek we saklamak boýunça wajyp wezipeleri öňde goýup, bu barada: “Ösüp gelýän nesillerimize ata-babalarymyzyň öwüt-ündewleriniň esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek milli bilim ulgamynyň wajyp wezipesi bolup durýar. Şoňa görä-de, bilim özgertmelerini has-da işjeňleşdirmek, bu işiň döwrüň talaplaryna we halkara standartlara laýyklygyny üpjün etmek, mugallymlaryň hünär ussatlyklaryny, okatmagyň usullaryny nazaryýet we tejribe taýdan kämilleşdirmek babatdaky işler utgaşdyrylyp dowam etdiriler” diýen ajaýyp sözleri täze okuw ýylyňda bilim ulgamynda zähmet çekýän her bir işgäriň, aýratyn-da mugallymlaryň hünär kämillikligine ýetmegi ruhlandyrar.
    Täze 2022-2023-nji okuw ýyly bilen ähli bilim işgärlerini gutlaýarys!
    Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw edýäris!
    Gülşat ÝUSUPOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    okuw işleri boýunça prorektory.
    Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz:
    https://www.turkmenistan.gov.tm/tk/habar/65851/psihologiya-we-pedagogika-derslerini-okatmagyn-taze-usullary

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI