24/10/2023
1853
Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahaty türkmen ýaşlary üçin mümkinçilik döredýär
Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň (COY18) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň (COP28) 28-nji mejlisiniň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, şeýle-de Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Türkmenistandaky ilçihanalary tarapyndan gurnalan Ýaşlar maslahaty ýurduň dürli welaýatlarynda tapgyrlaýyn geçirildi. Bu maslahata 17-30 ýaş aralygyndaky ýaşlar, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko, Beýik Britaniýanyň we BAE-niň ilçihanalarynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, bilim merkezleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bir hatarda DÖM-iň ýaş ilçileri, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak boýunça hünärmenler hem gatnaşdylar. Maslahatlaryň dowamynda, oňa gatnaşyjylar howanyň üýtgemegi, durnukly oba hojalyk, Aral deňziniň meselesi we oba hojalygy häzirki howa şertlerine uýgunlaşdyrmak ýaly daşky gurşawa degişli möhüm meseleler boýunça gyzykly sorag-jogap alyşyp, jemgyýetde oňyn özgerişleri döretmek üçin zerur bolan maglumatlary aldylar.
Has takygy, 2023-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahaty geçirmek bilen, hünärmenler öz işine başlady. Mundan başga-da, Daşoguz şäherinde adam hukuklary baradaky Ähliumumy Jarnamanyň 75 ýyllygyna bagyşlanan “Hemmeler üçin mertebe, erkinlik we azatlyk” atly inklýuziw festiwal geçirildi. Festiwal, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Bedenterbiye we sport baradaky döwlet komitetiniň goldaw bermeginde, BMG - niň Adam Hukuklary boýunça Merkezi Aziýadaky sebitleyin bölümi we BMG - niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, şeyle-de Türkmenistandaky jemgyýetçilik guramalary tarapyndan gurnaldy. Festiwalda maýyplygy bolan adamlar üçin jemgyýetçilik durmuşynyň ähli mümkinçilikleriniň elýeterdigini görkezmek maksady bilen birnäçe sport bäsleşikleri we medeniýet çäreleri geçirildi.
Soňra, 2023 - nji ýylyň 9 - njy oktyabrynda BMGÖM – iň “Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi” taslamasynyň hünärmenleri Mary welaýatynyň Mary şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet Energetika Institutynda Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatyny guramaga gatnaşdylar. Maslahatda, hünärmenler ýaşlaryň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we daşky gurşaw meselelerini çözmek boýunça sebit we dünýä derejesinde alnyp barylýan işlere öz goşantlaryny goşmaklary üçin uly höwes döretdiler. Mundan başga-da, Mary şäherindäki Algoritm okuw merkezinde kiçi ýaşly çagalar, mekdep okuwçylar we hünärmenler bilen bilelikde daşky gurşawy goramak, suwy aýawly saklamak we howanyň üýtgmegi boýunça duşuşyklar geçirildi.
Şeýlelikde, 2023-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahaty Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk institutynda geçirildi. Maslahata gatnaşýan ýaşlar, howanyň üýtgemeginiň Merkezi Aziýa sebitiniň suw serişdelerine ýetirýän täsiri we daşky gurşawy goramak ýaly gyzykly temalar boýunça çykyş etdiler.
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we ýaş höwesjeňler maslahaty alyp barandyklary üçin DÖM - iň ýaş ilçilerine , şeýle hem bu maslahatlary Daşoguzda , Maryda we Türkmenabatda gurnamaga kömek edendikleri üçin Beyik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň ilçihanalarynyň, ÝUNISEF-iň we BMGÖM-iň işgärlerine çäksiz minnetdardyklaryny aýtdylar. Häzirki wagtda bolsa, ähli ýaşlarymyzyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan 3-nji noýabrda Aşgabat şäherinde geçiriljek jemleýji maslahata taýýarlyklar dowam edýär.
Ýupar EGIRJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby,
Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Ýaş ilçisi.