23/12/2025
61
Hoş owazly bilbilleriň nagmasy
2025-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň (TKKJ) çeper höwesjeňler toparynyň konserti geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdy.
Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýeti (TKKJ) 1932-nji ýyldan bäri görşi boýunça 1-2 topardaky we eşidiş taýdan maýyplaryň jemgyýetçilik birleşigi bolup, meýletinlik, deňhukuklylyk, öz-özüni dolandyrmak we kanunçylyk esasynda hereket edýän iri we asyra barabar taryhly jemgyýetdir.
TKKJ-niň görşi we eşidişi taýdan çäkli bolan agzalary öz taýýarlan konsert çykyşlarynda watansöýüjiligi, milliligimizi, ajaýyp döwrümizi giňden wasp etdiler. Şeýle-de çykyşlaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alyp barýan işleri üçin alkyşly sözleri aýdyldy.
Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
5-nji ýyl talyby.