478
Hormatly Prezidentimiziň “Mir” Döwletara Teleradiokompaniýasynyň žurnalistine beren interwýusy boýunça geçirilen okuw maslahaty
2021-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň altyn nyşany bilen sylaglanmagyna hem-de Gahryman Arkadagymyzyň bu meşhur teleradiokompaniýasyna beren interwýusynyň halkaralaýyn ähmiýetine bagyşlanan ýörite okuw maslahaty geçirildi. Oňa milli diplomatiýamyzyň weteranlary, bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Okuw maslahatynyň başynda Döwlet Baştutanymyzyň çuň mazmunly interwýu ýazgysy çärä gatnaşyjylara görkezildi. Maslahatyň barşynda çykyş edenler umumy habarlar giňişligini saklamak hem-de GDA-da habarlary halkara derejede alyşmak maksady bilen 1992-nji ýylda döredilen, media ulgamynda Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň biri bolan «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň döşe dakylýan altyn nyşany bilen hormatly Prezidentimiziň sylaglanmagynyň ýurdumyzyň abraýyny has-da belende göterendigini buýsanç bilen bellediler. Çykyş edenleriň nygtap aýtmaklaryna görä, Milli Liderimiziň bu teleradiokompaniýasynyň žurnalistine beren interwýusy diňe bir GDA-nyň çäginde däl, eýsem tutuş dünýäniň media giňişliginde uly gyzyklanma döretdi. Bu interwýu çuň manylylygy we giň gerimliligi bilen geljekki türkmen diplomatlarynyň öz işlerini halkara derejelerinde talabalaýyk gurap bilmekleri üçin ajaýyp mekdep boldy.
Şeýle hem okuw maslahatynyň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, milli we halkara žurnalistikany ösdürmek hem-de teleradioýaýlymlarynyň işgärleriniň sanly ulgam babatda bilim derejesini ýokarlandyrmak, öwrediji we gyzykly mazmunly gepleşikleri taýýarlamakda daşary ýurtlaryň tejribesini öwrenmek hem-de ulanmak boýunça halypa diplomatlaryň beren maslahatlary üns bilen diňlenildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň dünýäniň media giňişligindäki abraýyny mundan beýläk-de belende galdyrmak babatda özara pikir alyşdylar.
Aýgül MÄTIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.