Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Hazar sammitleriniň oňyn netijeleri
    Hazar sammitleriniň oňyn netijeleri surady
    30/11/-0001

    986

    Hazar sammitleriniň oňyn netijeleri

    1996-njy ýylda Türkmenistanda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça taslamanyň tamamlanmagy halkara ähmiýetli taryhy waka boldy. Ondan has ozal Hazar deňziniň täze halkara-hukuk derejesi hakyndaky gepleşikler 1992-nji ýylyň fewral aýynda Tähranda geçirilen Kenarýaka döwletleriň birinji maslahatynda başlandy.

    Soňra bolsa bu gepleşikler hemişelik hereket edýän gepleşikler guralynyň-hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministirleriniň orunbasarlarynyň derejesinde Ýörite iş toparynyň döredilmegine getirdi. Ýörite iş toparyny döretmek baradaky çözgüt paýtagtymyz Aşgabat şäherinde 1996-njy ýylyň noýabr aýynda hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygynda kabul edildi. Mundan 22 ýyl ozal Aşgabatda hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministirleriniň maslahaty geçirildi, şol maslahatda bu Konwensiýany taýýarlamak boýunça gepleşikler guralynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini Ýörite iş topary görnüşinde hemişelik esasda kesgitlendi.

    Bu uzak döwrüň dowamynda bilelikde geçilen ýoly ýatlamak bilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň ilkinji sammitini geçirmek baradaky başlangyjy biziň ýurdumyzyň öňe sürendigini, şeýle hem bu Forumyň 2002-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilendigini bellemek gerek. Ol duşuşyk ýakyn we uzakmöhletleýin netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemek boýunça başlangyç tapgyryna öwrüldi. Şol döwürden başlap, döwletara gepleşikler guraly hil taýdan täze derejä çykaryldy. Birinji Hazar sammitinde soňraky geçirilen sammitlerde kabul edilen resminamalar üçin binýat bolan başlangyçlar öňe sürüldi.

    Ikinji Hazar sammiti 2007-nji ýylyň oktýabr aýynda Tähranda geçirildi, onda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary Jarnama gol çekdiler. Şeýlelikde, Aşgabatda başy başlanan gepleşikler hil taýdan täze derejede yzygiderli dowam etdi. Şolaryň netijeleri Tähranda, Bakuda  we Astrahanda degişlilikde 2007-nji, 2010-nji we 2014-nji ýyllarda geçirilen sammitlerde kabul edilen möhüm  çözgütleriň esasyny düzdi.

    2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitlerinde Gahryman Arkadagymyz kärdeşleri - Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri bilen bilelikde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekdiler. Munuň özi Hazar deňzinde dürli ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň hukuk kadalaryny berkiden taryhy ähmiýetli binýatlyk resminama bolup durýar.

     

    Beggeldi GUTLYÝEW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministirliginiň 

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

     Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI