447
“Halypa – şägirtlik mekdebiniň ähmiýeti” atly okuw maslahaty
2021-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen yzygiderli sanly ulgam arkaly okuw maslahatynyň nobatdaky sany geçirildi.
“Ýaşlara hünär öwretmekde halypaçylyk döredijilik ussahanalarynyň orny” hem-de “Halypa – şägirtlik mekdebiniň ähmiýeti” ady bilen geçirilen bu okuw maslahatyny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy alyp bardy. Maslahatyň dowamynda mugallymlaryň çykyşlary, talyp ýaşlar bilen gyzykly sorag-jogap alyşmalar täsirliligi bilen tapawutlandy.
Dünýägözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.