16/05/2024
586
Halypa diplomatyň okuw sapagy
2024-nji 15-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň dosenti, tehniki ylymlaryň kandidaty, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň ussat diplomaty Çary Nyýazow tarapyndan institutymyzyň fransuz dilini öwrenýän talyplary bilen alnyp barylýan tapgyrlaýyn okuw sapaklarynyň jemi jemlendi.
Bu okuw sapaklarynyň dowamynda ussat diplomat diplomatiýanyň inçe syrlary barada: “Diplomatiýa – döwletiň daşary syýasatyny durmuşa geçirmegiň sungaty”. Ol esasan, ynandyrmak, ylalaşmak arkaly öz maksadyna ýetýär. Bir döwlet ýa-da döwletleriň birnäçesi jemlenip, bolup geçýän özgerişleri özleri üçin bähbitli akyma ugrukdyrmagyň ýollaryny gözleýärler. Oňa bolsa diplomatiýada “dialog” diýilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, dialog – parahatçylygyň kepili hasaplanýar. Bu filosofiýa indi birnäçe ýyldan bäri Türkmenistanyň daşary syýasatynyň “Ösüş arkaly parahatçylyk” ýörelgesiniň logiki dowamyna öwrüldi. Häzirki wagtda türkmen diplomatlary halkara gatnaşyklarynda bu filosofiýany ilerletmegiň üstünde işleýärler. Şeýle hem, öňüni alyş diplomatiýasyna, onuň parahatçylygy pugtalandyrmak, ýüze çykýan meseleleri syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmegiň, parahatçylyk döredijilik hem-de ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmak çäreleri ýaly gurallaryň netijeli ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär” diýip belledi.
Nobatdaky okuw sapagynyň dowamynda ussat diplomat Fransiýanyň döwlet gurluşy, saýlawlaryň geçirilişi, ýurduň bilim ulgamy dogrysynda giňişleýin maglumat berdi.
Täsirli geçen okuw sapaklarynyň dowamynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen halypa diplomata ýüzlendiler.
Hojaberdi ATAJANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.