30/11/-0001
535
HALYPA DIPLOMATYŇ ALYP BARAN OKUW SAPAGY
2021-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi. Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň çäginde hereket edýän “Ýaş diplomatlar” ylmy gurnagy tarapyndan guralan we institutyň professor-mugallymlary hem-de talyplary gatnaşan bu okuw sapagyny halypa diplomat, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Sapar Berdiniýazow alyp bardy.
Okuw sapagynda halypa diplomat öz baý tejribesi hakynda giňişleýin gürrüň berdi. Duşuşykda halypa diplomat bilen talyplaryň arasynda sorag-jogap alyşyldy.
Okuw sapagynda Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Kuwwat Mämmedow, 4-nji ýyl talyby Rahmannazar Jumaýew çykyş edip, gözel Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň geçen taryhy ösüş ýoly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň Aşgabady dünýäniň iň owadan şäherine öwürmek ugrunda amala aşyrýan beýik işleri hakynda gürrüň berdiler.
Şeýle hem, okuw sapagynyň dowamynda talyplar Aşgabat hakynda öz döreden goşgularyny okadylar.
Jemal REMATULLAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.