23/04/2026
16
HALYPA DIPLOMAT BILEN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň «Ýaş diplomatlar» ylmy gurnagynyň guramagynda «Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň gatnaşyklarynyň ykdysady ugry» atly okuw sapagy geçirildi. Ony Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amangeldi Rahmanow alyp bardy. Okuw sapagynda halypa diplomat iki ýurduň arasyndaky ykdysady we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk barada gürrüň berdi.
Sapagyň ahyrynda talyplar halypa diplomata beren gyzykly gürrüňleri üçin köp sagbolsun aýtdylar we özlerini gyzyklandyrýan soraglaryny berdiler. Şeýle sapaklaryň yzygiderli geçirilmegi geljekki hünärmenleriň bilimini we tejribesini artdyrmaga uly mümkinçilikleri döredýär.
Güldäne AHMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
24/04/2026
WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
24/04/2026
ONLAÝN USULY-OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI