1181
Halylar dünýäsine gyzykly syýahat
2023-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmen halysynyň milli muzeýine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp gyzlarynyň gatnaşmagynda gezelenç gurnaldy. Gezelençde talyp gyzlar türkmen halysyny dokamagyň sungaty barada gyzykly maglumatlar bilen tanyşdylar. Bu muzeý türkmeniň maddy medeniýetiniň ojagy bolup, ýüzlerçe gymmat bahaly haly eserleriniň hazynasydyr. Muzeýde dürli ýyllarda döredilien iki ýüzi dokalan halylaryň üçüsi saklanylýar. Olar 1941—1945-nji ýyllarda dokalan «Türkmeniň kalby», 2002-nji ýylda dokalan «Türkmeniň Altyn asyry», şeýle-de 2009-njy ýylda döredilen «Galkynyş» atly halylar bolup, muzeýiň myhmanlaryny haýran galdyrýar. Türkmen halky gadymy haly senedine uly sarpa goýýar, ony diňe bir muzeý gymmatlyklary hökmünde däl-de, eýsem, bu halylar biziň her birimiziň öýümiziň bezegidir.
Maral KARLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.