05/03/2025
385
Halkara zenanlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň – bagtyýar zenanlary» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Berkarar
döwletiň - bagtyýar zenanlary” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy kafedrasynyň uly
mugallymy, institutyň ilkinji Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Jemile
Pürjäýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň
Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň müdiriniň orunbasary, Türkmenistanyň
“Zenan kalby” ordeniniň eýesi, Türkmenistanyň Zenanlar bileleşiginiň Merkezi
geňeşiniň işjeň agzasy Güljemal Annamyradowa hem-de Aşgabat şäheriniň
ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Zenanlar bileleşiginiň Merkezi geňeşiniň agzasy
Gülnara Gairowa täsirli çykyş etdiler.
Şeýle-de, institutymyzyñ çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine
ýetirmeginde Halkara zenanlar güni mynasybetli taýýarlan aýdym-sazly
çykyşlary bolsa dabara ýakymly öwüşgin çaýdy.
Çäräniň ahyrynda ýurdumyzda zenanlara döredilýän giň mümkinçilikleri
üçin hormatly Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri
aýdyldy.
Aýlar DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň
III ýyl talyby.