17/11/2026
73
HALKARA YNSANPERWER HUKUGY BOÝUNÇA MILLI MAGLUMAT-AMALY SEMINARY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 17-nji noýabrynda Aşgabat şäherindäki «Arçabil» myhmanhanasynda Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Türkmenistandaky wekilhanasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň bilelikde guramagynda «Halkara ynsanperwer hukugynyň ösdürilmegi we durmuşa geçirilmegi bilen bagly derwaýys meseleleri» atly milli maglumat-amaly seminary geçirildi. Seminara Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň wekilleri, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary, şeýle hem Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy boýunça halkara borçnamalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýän pudagara toparynyň wekilleri gatnaşdylar.
Seminarda HGHK-niň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň hukuk geňeşçisi Marat Aminow, HGHK-niň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Žala Azizowa hem-de Russiýa Federasiýasyndaky we Belarus Respublikasyndaky sebitleýin delegasiýasynyň hukuk geňeşçisi Andreý Ýesin dagylar gelip, halkara ynsanperwer hukugynyň häzirki zaman wehimleri, halkara ynsanperwer hukugy boýunça wajyp resminamalar, halkara ynsanperwer hukugynyň parlamentler bilen hyzmatdaşlygy, şeýle-de halkara ynsanperwer hukugyny durmuşa geçirmegiň meseleleri barada çykyş etdiler.
Şeýle hem, Bitarap Türkmenistanyň milli kanunçylygyna halkara ynsanperwer hukugynyň kadalarynyň ornaşdyrylmagy, Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy boýunça halkara borçnamalaryny üpjün edýän pudagara toparynyň alyp barýan işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu okuw maslahaty Türkmenistanda halkara ynsanperwer hukugynyň binýatlaýyn kadalaryny wagyz etmek, ýurtda alnyp barylýan milli meýilnamalary we maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak ugrunda möhüm ädim bolup hyzmat etdi.
Dürli BALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk
öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy