Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ZIMBABWE RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Новый формат общения экспертов ЦА региона и Азербайджана
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • INSTITUTYŇ TALYPLARY ÜÇIN ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA TEMATIK OKUW SAPAKLARY
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ V SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
        • «DIPLOMATIK PROTOKOL» ATLY ÝÖRITELEŞDIRILEN OKUW MERKEZINIŇ DIŇLEÝJILERINE ŞAHADATNAMALAR GOWŞURYLDY
    • Media
    Esasy / Habarlar / Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty
    Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty
    Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty
    Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty
    20/11/2023

    1477

    Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty

    2023-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde 14—16-njy noýabr aralygynda geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň ýapylyş dabarasy geçirildi.
    Halkara festiwalyň ýapylyş dabarasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda medeniýet ulgamyny ösdürmek ugrundaky alnyp barylýan işleriň has-da rowaçlyklara beslenýändigini, ýurdumyzda halkara derejesindäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini, daşary ýurtlarda geçirilýän halkara festiwallara ýurdumyzyň hem-de medeniýet we sungat işgärleriniň yzygiderli gatnaşýandygyny buýsanç bilen belledi. Ol Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilen halkara teatr festiwalynyň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna, medeni hyzmatdaşlygyň has-da artdyrylmagyna özboluşly ähmiýetiniň bardygyny nygtady.
    Üç gün dowam eden halkara festiwala gatnaşan ýurtlaryň teatrlarynyň döredijilik toparlaryna ýörite Diplomlardyr Kuboklar gowşuryldy. Festiwalyň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşan teatrlaryň ýolbaşçylary hem çykyş edip, nobatdaky festiwalyň guramaçylykly hem-de üstünlikli geçirilendigini bellediler. Soňra Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň artisti Şemşat Kasymowanyň ýerine ýetiren «Teatr — meniň ykbalym» atly çeper okaýşy dabaranyň özboluşly şatlygyny artdyrdy. «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň ýapylyş dabarasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren «Hoş gal, festiwal!» atly aýdymy dostlugyň owazy bolup ýaňlandy. Çäräniň ahyrynda halkara teatr festiwalyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

    Berdigylyç ÝAZMYRADOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Kitap dünýäsi bilen tanyşlyk surady

    26/02/2026

    Kitap dünýäsi bilen tanyşlyk
    «TALYP GÖZELI – 2026» BÄSLEŞIGINIŇ INSTITUT TAPGYRY GEÇIRILDI surady

    26/02/2026

    «TALYP GÖZELI – 2026» BÄSLEŞIGINIŇ INSTITUT TAPGYRY GEÇIRILDI
    “Türkmenistan we Ýaponiýa: Dünýä medeniýetiniň bitewiligi we aýratynlygy” atly okuw sapagy geçirildi surady

    24/02/2026

    “Türkmenistan we Ýaponiýa: Dünýä medeniýetiniň bitewiligi we aýratynlygy” atly okuw sapagy geçirildi
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI