02/02/2025
511
HALKARA OKUW-USULY MASLAHATY
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 28-ne gibrid formatda «Dil - hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi» atly halkara okuw-usuly maslahatyny geçirmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlardaky hyzmatdaş ýokary okuw mekdeplerimiziň mugallymlarynyň häzirki zaman usullarynyň ulanylyşy barada özara tejribe alyşmagy üçin bu okuw-usuly maslahatyna gatnaşmaga çagyrýarys!
Maksatlary:
- 2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň başlanmagy bilen, ýaş nesle berilýän ylym-bilimiň hilini gowulandyrmak;
- Türkmenistanyň ýokary, orta hünärmen okuw mekdeplerinde öwredilýän daşary ýurt dili sapaklarynyň hilini gowulandyrmak babatynda okatmagyň usulyýetini guramaçylyk-usuly, innowasion-pedagogik, okuw-usulyýet nukdaýnazardan has-da kämilleşdirmegi, şeýle hem, daşary ýurtlardaky hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek;
- halkara hyzmatdaşlygy netijesinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek üçin dünýä ylmynda işlenip taýýarlanylan täze usullary iş ýüzüne geçirmek;
- mugallymlaryň daşary ýurt dillerini öwretmegiň tärlerini we usullaryny ulanmak endiklerini kämilleşdirmek;
- özara tejribe alyşmak arkaly dil öwretmekde başarnyklaryny ösdürmek.
«Dil - hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi» atly halkara okuw-usuly maslahatynda daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti we olary öwretmegiň işjeň we innowasion usullaryny peýdalanmagyň tärlerine bagyşlanan temalarda çykyş etmek meýilleşdirilýär.
Reglament: 5-7 minut.
Maslahat: türkmen, iňlis, rus, nemes dillerinde geçiriler.
Bu halkara okuw-usuly maslahatyna gatnaşmaga isleg bildirýän mugallymlar saýlap alan temasy boýunça çykyşyny we degişli maglumaty nusga laýyklykda dolduryp 2025-nji ýylyň 15-nji fewralyna çenli tdimddk@gmail.com elektron-salga, guramaçylyk toparynyň garamagyna ugratmaly.
Nusga:
T/B | Gatnaşyjynyň familiýasy, ady we atasynyň ady | Ýokary okuw mekdebi | Kafedrasy we wezipesi | Ylmy derejesi we ady | Çykyşynyň ady (prezentasiýasy): | Bellik: |
1. | ||||||
2. |
Çykyş etmek üçin saýlanyp alnan temalar boýunça mugallymlaryň hasaba alnandyklary baradaky maglumat mugallymlaryň elektron salgylaryna 23-nji fewrala çenli ugradylar.
Halkara okuw-usuly maslahaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda 28.02.2025 senede sagat 14:00-da başlanýar (Aşgabat wagty).
ZOOM salgysy:
https://us02web.zoom.us/j/87969838216?pwd=13nt3QpzWZa6LTArbX05iVloFsmMQL.1
Идентификатор конференции: 879 6983 8216
Код доступа: 623618
Habarlaşmak üçin:
Tel:+993 61201906
E-poçta: tdimddk@gmail.com
Şeýle hem şu ýerden okap bilersiňiz:
Soňky täzelikler
09/01/2025
ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK - 2025!31/12/2024
MEKDEP OKUWÇYLARY ÜÇIN OLIMPIADA