30/11/-0001
666
Halkara hukugynyň derwaýys meselelerine bagyşlanan talyplaryň halkara ylmy maslahaty
2022-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara hukuk fakultetiniň hem-de MDHGI-niň hukuk klubynyň gurnamagynda 2022-nji ýylyň 25-27-nji apreli aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilen “Halkara hukugynyň derwaýys meseleleri” atly talyplaryň halkara ylmy maslahaty öz işine başlady. Maslahaty Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara hukugy kafedrasynyň müdiri, “Moskwanyň halkara hukugy žurnaly” žurnalynyň baş redaktory, professor A.N. Willegžaniniň ýolbaşçylyk etmeginde alnyp barylýar.
Maslahatda diplomatik we konsullyk hukugy, diplomatik goragynyň meseleleri, halkara ykdysady hukugy, halkara howa we kosmos hukugy ýaly halkara hukugynyň derwaýys meseleleri boýunça bölümçelerde alnyp barylar.
Bu maslahatyň geçirilmegi talyplaryň hukuk bilimlerini çuňlaşdyrmaga, hünär gözýetimini kämilleşdirmäge, ylmy pikir alyşmalara gatnaşmaga, tejribe toplamaga, iňlis dilinde hukuk dilini özleşdirmäge ýardam berýär.
Ylmy maslahata gatnaşyjylar häzirki wagtda hereket edýän halkara hukugynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda ýüze çykýan häzirki zaman meseleleriniň halkara hukuk ähmiýetini öňe sürdüler. Maslahat öz işini dowam edýär.
Zulfiýa ÝAŇABAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.