14/10/2026
83
HALKARA HUKUGYNDA ADAM HUKUKLARY WE HALKARA YNSANPERWER HUKUGY BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 12 – 14-nji oktýabry aralygynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Jedel we jedelden soňky ýagdaýlar: halkara hukugynda adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy» atly okuw maslahaty geçirildi. Oňa Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň talyplary gatnaşdylar.
Okuw maslahatynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň wekilleri hem-de adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy boýunça halkara bilermenler Jenap Walter Suntinger hem-de Doktor Markus Brand çykyş edip, olar adam hukuklarynyň taryhy ösüşi, olaryň esasy hukuklary we azatlyklary, adam hukugynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň düýpli düşünjeleri we esasy ýörelgeleri barada gürrüň berdiler. Şeýle-de adam hukuklarynyň, halkara ynsanperwer hukugynyň, halkara jenaýat hukugynyň we halkara migrasiýa hukugynyň arasyndaky tapawudy hem-de olaryň milli hukuk bilen baglanyşygy, adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy boýunça resminamalary ulanmak arkaly durmuşdan alnan hakyky ýagdaýlarda hukuk derňewiniň geçirilmegi dogrusynda gyzykly maglumatlary aýdyp berdiler.
Bu okuw maslahaty Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2028-nji ýyl «Halkara hukugynyň ýyly» atly başlangyjynyň öňe sürülmegi bilen berk baglanyşykly bolup, onda seredilip geçilen meseleler ilkinji nobatda talyp ýaşlaryň bu ugurda olaryň bilim we ukyp-başarnyklarynyň ösmegine itergi berdi.
Dürli BALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we
deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy