44
HALKARA BILERMEN TARAPYNDAN HUKUK BOÝUNÇA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Beýik Britaniýanyň Milli topary tarapyndan Halkara Kazyýetiň kazysy wezipesine dalaşgär, professor Dapo Akende hukuk boýunça okuw sapagyny geçirdi. Bu okuw sapagyna institutyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Okuw sapagynyň dowamynda professor Beýik Britaniýanyň kanunçylygy hem-de özüniň halkara derejesinde hukuk ugry boýunça alyp baran köp sanly, ýagny halkara guramalarynda, Halkara Jenaýat Kazyýetinde, BMG-niň Halkara kazyýetinde, BMG-niň Deňiz hukugy boýunça halkara Tribunalynda, Halkara söwda we arbitraž kazyýetlerinde we beýleki edaralarda alyp baran iş tejribesi barada giňişleýin gürrüň berdi.
Sapagyň ahyrynda talyplar professora gyzyklandyrýan soraglar bilen ýüz tutdular. Şeýle halkara we tejribeli hukukçylaryň hukuk bilimini alýan talyplar bilen okuw sapaklarynyň geçirilmegi olaryň ylmy başarnygyny ösdürmäge, ylmy we innowasiýa işjeňligini ýokarlandyrmaga, öňdebaryjy tejribe alyşmak, gazanylan üstünlikleri paýlaşmak, olaryň bilimini we hünär ussatlygyny giňeltmäge hem-de berkitmäge uly ýardam eder.
Maksat ALYMBAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.