17/10/2026
43
HALKARA BAŞLANGYÇLARYŇ ÄHMIÝETINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýakynda Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasynda we Ermenistan Respublikasynda geçirilen halkara sammitlerine gatnaşmagynyň netijelerine bagyşlanan ylmy-amaly brifing geçirildi.
Brifingde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary çykyş edip, Hormatly Prezidentimiziň iş saparlarynyň syýasy-diplomatik ähmiýetini şeýle-de öňe süren ulag, energetika we durnukly ösüş ugrundaky halkara başlangyçlaryň sebitdäki orny barada, emeli aňyň we beýleki öňdebaryjy tehnologiýalaryň ykdysadyýeti ösdürmekde we döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda hem-de diplomatik gurallary kämilleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygy, ekologik howpsuzlygynyň ýokary derejede berjaý edilmegi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Brifingiň dowamynda talyplar mugallymlara özlerini gyzyklandyrýan soraglar bilen ýüzlendiler.
Myrat DÖWLETGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby