05/09/2026
54
HALK MASLAHATY TÜRKMEN HALKYNYŇ BELENT ÝÖRELGESI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beren tabşyrygyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň 15-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherinde geçirmek, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibine laýyklykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça jemgyýetçilik wekilleriniň sanawlaryny 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna bermek barada karar kabul edildi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýlip beýan edilýär. Esasy Kanunymyzda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda her bir adamyň raýatlyk hukuklaryny hem-de azatlyklaryny amala aşyrmak, döwletiň we jemgyýetiň demokratik kadalaryny, hukuk esaslaryny berkitmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Halk Maslahaty her bir şahsyýeti, döwlet bilen jemgyýeti sazlaşykly ösdürmegi we olaryň bähbitleriniň deň bolmagyny üpjün etmegi maksat edinýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri berkitmekden, döwletimiziň hukuk esaslaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekden, jemgyýetde demokratik däpleri pugtalandyrmakdan hem-de halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekden ybaratdyr. Şeýle möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşyp olary üstünlikli çözmekde, wezipeleri anyk kesgitlemekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti aýratyn uludyr.
Halk Maslahaty döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny, halkymyzyň ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine hem demokratik däplerine üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Ýurdumyzyň döwlet gurluşynyň esaslaryny kesgitleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 3-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar. Halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar. Hemme wekilçilikli edaralaryň demokratik esasda saýlawlylygy halk bilen häkimiýetiň özara ynamynyň, jemgyýetiň, döwletiň işini dolandyrmaga gatnaşmak üçin raýatlaryň konstitusion hukuklaryny işjeň durmuşa geçirýändiginiň, raýat jemgyýetiniň yzygiderli kämilleşýändiginiň alamatydyr.
Öňden gelýän däplere görä, Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda Halk Maslahaty geçirilýär. Halk Maslahaty wekilçilikli edara bolup, onuň işi demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, şahsyýetiň we raýatyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna hem-de azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak, kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýaly mizemez ýörelgelere esaslanýar. Halka Maslahatynda halkyň agzybirliginiň aýdyň ýüze çykmasyna gönükdirilen meseleleriň ençemesine garalar. Olara degişli pikir-garaýyşlar, teklipler orta atylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň esasy aýratynlygy, onda jemgyýetiň ähli gatlaklaryndan bolan, dürli kärdäki raýatlaryň öz pikir-garaýyşyny beýan etmäge mümkinçiligiň bardygydyr. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunyň 10-njy maddasynda Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklary görkezilendir. Bu kadalara laýyklykda, Halk Maslahaty, esasan, Konstitusiýany we Konstitusion kanunlary Kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça teklipleri, şeýle hem içeri we daşary syýasatyň esasy ugurlaryna, ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş, medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna we kanunlaryna garaýar hem-de makullaýar.
Halk Maslahaty jemgyýetçilik guramalary hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ýurdumyzy hemmetaraplaýyn üstünlikli ösdürmäge we halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, wezipeleri çözmäge gönükdirilen işleri yzygiderli alyp barýar.
Döwletliligiň we halk häkimiýetliligiň aýdyň mysaly bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty türkmen jemgyýetinde demokratiýanyň dabaralanmagyna, raýat jemgyýetiniň berkarar edilmegine, raýatlaryň syýasy işjeňliginiň ýokarlanmagyna, halk köpçüliginiň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärelere gatnaşmagyna giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Halkymyzyň parahat, abadan, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun. Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Muhammet BÄŞIMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy