499
Geljegimizi şöhlelendirjek ýaş meýletinçileriň nobatdaky okuw sapagy
2022-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen sanly ulgam arkaly yzygiderli alnyp barylýan okuw maslahatynyň nobatdaky sany geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde guran bu okuw sapagyna milli diplomatiýanyň ýokary okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar.
Bu okuw maslahatyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekili alyp bardy. Ol döwletleriň we halklaryň arasynda özara ynanyşmak we düşünişmek, birek-birege hormat goýmak gatnaşyklaryny ösdürmek işlerinde ýaş meýletinçileriň orny barada täsirli çykyş etdi.
Okuw sapagynyň barşy talyp ýaşlaryň gyzykly sowal-jogap alyşmalary bilen utgaşdy.
Dünýägözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.