30/11/-0001
493
Gelin-gyzlaryň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäre geçirildi
2023-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň guramagynda “Maşgala mukaddesligi halkymyzyň milli terbiýesiniň gönezligidir” ady bilen institutyň zenan mugallymlarynyň, talyp gyzlarynyň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Onda talyp gyzlar ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işlerini ýerine ýetirdiler. Şeýle-de dabaranyň dowamynda institutyň zenan mugallymlary, talyp gyzlary keşdeçilik hünäri bilen bagly gyzykly tymsallardyr rowaýatlar bilen çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň II derejeli kitaphanaçysy, kümüş saçly ene Bibigözel Mämmedowanyň maşgala mukaddesligi, gyz-gelin edebi, milli däp-dessurlarymyz, türkmeniň keşdeçilik sungaty, onuň gadymylygy dogrusynda beren gyzykly gürrüňleri çäräniň täsirliligini has hem artdyrdy.
Şeýle hem dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň döwlet horunyň aýdymçysy Maral Gurbanowanyň mährem enelerimizi, Watanymyzyň ösüşini, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy wasp edýän şirin aýdymlary ýerine ýetirdi.
Aýgül HAÝYTOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.