08/05/2023
1463
Geçmişden söz açýan ýatlamalara gezelenç
2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň “Ýaş žurnalistler” ylmy-döredijilik gurnagynyň guramagynda Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligine gezelenç guraldy.
Beýik Ýeňşiň 78 ýyllyk baýramyna bagyşlanan bu täsirli gezelençde, ilki bilen, talyplara Baş arhiw müdirligi tarapyndan çap edilen “Hatyra” we “Şöhrat” kitaplary bilen tanyşdyrdylar. Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna degişli arhiwde saklanylýan dürli maglumatlar, fotosuratlar, şeýle hem eserler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de talyplara Beýik Ýeňşe bagyşlanan dokumental filme tomaşa etmäge mümkinçilik döredildi.
Aýşirin DÖWLETOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler
01/05/2026
YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
30/04/2026
SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
29/04/2026
ÝAŞ ŽURNALISTLER ÜÇIN OKUW SAPAGY GURALDY