Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlandy
    Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlandy surady
    30/09/2024

    771

    Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlandy

    Her ýyl uly şatlyk-şowhuna beslenýän Garaşsyzlyk baýramy diňe bir Diýarymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň daşary ýurtlarda ýerleşýän Ilçihanalary tarapyndan hem giň gerimde bellenilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagyndaky Duşenbe şäheriniň «Hyatt Regency» myhmanhanasynda geçirilen baýramçylyk dabarasynda hem ýokary ruhubelentlige beslendi.
    Dabara täjik tarapyndan esasy myhman hökmünde Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministriniň orunbasary hem-de ýurduň Medeniýet, Oba hojalyk, Energetika we suw serişdeleri, Ulag, Senagat we täze tehnologiýalar, Bilim we ylym ministrlikleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary, Täjigistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
    Baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçisi Aýmyrat Goçmyradow çykyş etmek bilen, garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ählitaraplaýyn ösdürilişi, iki halky birleşdirýän däp-dessurlar, medeni-ruhy ýakynlyklar dogrusynda aýratyn belläp geçdi.
    Soňky 33 ýylyň içinde Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda gazanylan üstünlikler, halkara gatnaşyklarynda goldanylan başlangyçlar, ähli ulgamlarda ýetilen belent sepgitler barada taýýarlanylan ýörite wideoroligiň görkezilmegi dabara ýygnananlarda aýratyn täsir galdyrdy.
    Dabaranyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynyň täjigistanly türkmen aýdymçysy tarapyndan ýerine ýetirilmegi myhmanlarda ýatda galyjy pursatlary döretdi. Şeýle-de, dabarada täjik halkynyň milli aýdymlary hem ýerine ýetirildi. Dabaranyň çäginde milli medeniýetimiziň, zergärçilik, amaly-haşam sungatymyzyň, däp-dessurymyzyň waspyny ýetirýän giň gerimli sergi gurnaldy hem-de türkmen medeniýetini şöhlelendirýän suratlar ýerleşdirildi. Hususan-da, sergide Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryna aýratyn orun berildi. Baýramyçylyk dabarasynyň ahyrynda ýurdumyzyň daşary syýasatynda we diplomatiýasynda dünýä nusgalyk beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri belentden ýaňlandy.

    Aýlar ATAJYKOWA, Aýna BABAÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň V ýyl talyplary.
    (Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy, Duşenbe ş.)

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI