26/12/2025
38
Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde sagdyn-durmuş ýörelgesi
2025-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýa dilleri kafedrasynyň guramagynda talyplaryň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň adam saglygyna bagyşlanan we sagdyn-durmuş ýörelgelerini ündeýän gymmatly eserleri barada döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa Halkara žurnalistikasy fakultetiniň Halkara žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyplary gatnaşdylar.
Gahryman Arkadagymyzyň adam saglygyna bagyşlanan we sagdyn-durmuş ýörelgelerini ündeýän gymmatly eserlerinde saglyk, lukmançylyk, Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri barada giňişleýin açylyp görkezilýär. Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň lukmançylyga we saglyk ulgamyna degişli eserleriniň ýaşlar we mugallymlar üçin gymmatly kitapdygyny bellediler.
Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşly sözler aýdyldy.
Hatyja DAWYDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Dünýa dilleri kafedrasynyň mugallymy.