Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Gahryman Arkadagymyz — parahatçylygyň beýik taglymatçysy (Ýaş žurnalistiň sözi)
    Gahryman Arkadagymyz — parahatçylygyň beýik taglymatçysy (Ýaş žurnalistiň sözi) surady
    30/09/2023

    1459

    Gahryman Arkadagymyz — parahatçylygyň beýik taglymatçysy (Ýaş žurnalistiň sözi)

    Parahatçylyk — her döwrüň, her döwletiň islegi. Ony gazanmak bolsa örän oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyň işlenip düzülmegini talap edýär. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän işleri dünýä nusgalykdyr. 14-nji sentýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýubileý konsultatiw duşuşygynyň çäginde Gahryman Arkadagymyza Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşanynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy sözümiziň nobatdaky aýdyň beýanydyr.
    14-15-nji sentýabrda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen ýokary derejeli forumlaryň ikisi — Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi diňe bir sebitiň däl-de, eýsem, dünýä syýasatçylarynyň ünsüni özüne çekdi. Şu iri wakalar bilen ugurdaşlykda türkmen halkynyň Milli Lideriniň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanylmagy hormatly Arkadagymyzyň parahatçylyk taglymatynyň bütin dünýäde dabaralanýandygynyň nyşanydyr.
    Bilşimiz ýaly, Türkmenistan döwletimiziň halkara gatnaşyklardaky çözgütleri, ilkinji nobatda, dost-doganlyk ýörelgesine esaslanýar. Şunuň esasynda bolsa ýurdumyz dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen köptaraply hyzmatdaşlygy, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine daýanýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny barha pugtalandyrýar, özara bähbitli, ösüşiň uzak möhletleýin maksatlaryndan gelip çykýan dostlukly gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Bu ýörelgeler Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda has-da berkedi.
    Bir hakykaty aýratyn nygtamak gerek: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ençeme Kararnamalar kabul edildi. Şolaryň aglabasynyň Milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlendigini bellemelidiris. Munuň özi diňe bir sebitde däl, eýsem, halkara giňişlikde-de Türkmenistan döwletimiziň abraýynyň barha artýandygyna, sebitimize uly gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýär.
    Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda döwlet Baştutany wezipesine girişmek bilen, halkara gatnaşyklarda BMG-niň parahatçylyk döredijilik işlerinde netijeli düzüm boljak Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürdi. 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň esasy» atly halkara maslahatynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýlen halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy belent ykrar tapdy. Ol türkmen Bitaraplygynyň öňe sürýän pikir-garaýyşlarynyň özboluşly jemlenmesidir.
    Gahryman Arkadagymyz «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesi bilen häzirki wagtda dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga örän uly ähmiýet berýär. Hormatly Arkadagymyz 2018-nji ýylyň martynda Gazagystanda, 2019-njy ýylyň noýabrynda Özbegistanda, 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklaryna gatnaşyp, anyk teklipdir başlangyçlar bilen çykyş etdi. Bu başlangyçlar sebitiň döwletleriniň sazlaşykly we netijeli hyzmatdaşlygyna oňyn täsir etdi.
    BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýany parahatçylyk, howpsuzlyk we ynanyşmak zolagyna öwürmek bilen bagly Kararnamalaryň işlenip taýýarlanylmagynyň hem-de kabul edilmeginiň gözbaşynda-da Milli Liderimiziň syýasy tagallalary durandyr. Bu möhüm başlangyçlar türkmen halkynyň döreden milli ýörelgeleriniň, Gahryman Arkadagymyzyň hoşniýetli diplomatiýasynyň ajaýyp beýanydyr. Şu nukdaýnazardan, Duşenbede Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň çözgüdi esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Hormat nyşanynyň gowşurylmagy ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünliklere tutuş sebitde uly sarpa goýulýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
    Dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda tagalla edip, parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

    Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».

    https://iirmfa.edu.tm/tm/sahypa/gahryman-arkadagymyz-parahatcylygyn-beyik-taglymatcysy-yas-zurnalistin-sozi_4127

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI