Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Wakalar / Fransuz dili boýunça ders bäsleşiginde üstünlik gazanan mekdep okuwçylaryny sylaglamak dabarasy
    Fransuz dili boýunça ders bäsleşiginde üstünlik gazanan mekdep okuwçylaryny sylaglamak dabarasy surady
    30/11/-0001

    1016

    Fransuz dili boýunça ders bäsleşiginde üstünlik gazanan mekdep okuwçylaryny sylaglamak dabarasy

    2022-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ýanyndaky Fransuz dili okuw merkezi tarapyndan Aşgabat şäheriniň fransuz dili okadylýan orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda fransuz dili boýunça 2022-nji ýylyň aprel aýynda wideo aragatnaşyk arkaly Türkmenistanda ikinji gezek geçirilen ders bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etmek we sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu dabara Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Izabel Ginel, Fransuz dili okuw merkeziniň direktory jenap Roman Guwerne, merkeziň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory Gülşat Ýusupowa, Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň fransuz dili mugallymlary we mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

    Dabarany Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory Gülşat Ýusupowa açyp, ders bäsleşiginde üstünlik gazanan mekdep okuwçylaryny gutlady hem olara okuwlarynda üstünlikleri arzuw etdi. Dabarada Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Izabel Ginel çykyş edip, bu ders bäsleşigine Aşgabat şäheriniň 9 sany fransuz dili okadylýan orta mekdeplerinden okuwçylaryň gatnaşandygyny we ders bäsleşiginiň temasynyň fransuz-türkmen gatnaşyklarynyň taryhy babatynda geçirilendigini belledi.

    Aşgabat şäheriniň fransuz dili okadylýan orta mekdeplerinden 2 dereje boýunça ( 5-nji hem-de 9-njy synp okuwçylary) I, II we III orny eýelän ýeňijiler yglan edildi. Ýeňijiler Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Fransiýanyň Ilçihanasynyň diplomlary hem bäsleşigiň hemaýatkärleri bolan VINCI Construction we Bouygues Turkmen kompaniýalary, «Tissot» şweýsar sagat firmasy, «la Boutique de Paris» dükany, «La Tartine» fransuz çörek bişirilýän kärhanasy we «Dessange» gözellik salony tarapyndan taýýarlanan sowgatlar bilen sylaglanyldy. Bu ders bäsleşigine işjeň gatnaşan okuwçylara hem höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

    Şahnoza EMINOWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara hukugy fakultetiniň IV ýyl talyby.

    https://www.turkmenistan.gov.tm/tk/habar/62848/olimpiada-po-francuzskomu-yazyku

    Soňky täzelikler

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ surady

    22/05/2025

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY surady

    22/05/2025

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY
    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ surady

    13/05/2025

    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI