Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
        • TÜRKMEN WE IŇLIS DILLERINDE HABARYŇ GÖRNÜŞLERINIŇ, AŇLADYŞ AÝRATYNLYKLARYNYŇ DEGŞIRME DERŇEWI
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • 12-NJI APREL – KOSMONAWTIKA GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Ближний Восток должен быть зоной мира и согласия
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
        • TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ MILLI MUZEÝINDE TANYŞLYK DUŞUŞYGY
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Habarlar / «FRANKOFONIÝA – 2026» BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY WE ÝEŇIJILERI SYLAGLAMAK DABARASY
    «FRANKOFONIÝA – 2026» BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY WE ÝEŇIJILERI SYLAGLAMAK DABARASY
    «FRANKOFONIÝA – 2026» BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY WE ÝEŇIJILERI SYLAGLAMAK DABARASY
    «FRANKOFONIÝA – 2026» BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY WE ÝEŇIJILERI SYLAGLAMAK DABARASY
    «FRANKOFONIÝA – 2026» BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY WE ÝEŇIJILERI SYLAGLAMAK DABARASY
    04/04/2026

    923

    «FRANKOFONIÝA – 2026» BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY WE ÝEŇIJILERI SYLAGLAMAK DABARASY

    2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Frankofoniýa – 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry we ýeňijileri sylaglamak dabarasy uly ruhubelentlik bilen geçirildi. Çäräniň açylyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň baş hünärmeni Ezizmuhammet Mämmedow we Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merlen gutlag sözi bilen çykyş etdiler. Bu dabaraly waka «Hereketde bolmak» («En mouvement») şygary astynda geçirilýän giň gerimli «Frankofoniýa – 2026» baýramçylygynyň iň möhüm bölegine öwrüldi.
    Däp bolşy ýaly, her ýylyň 20-nji martynda dünýä jemgyýeti tarapyndan bellenilýän halkara Frankofoniýa güni bu ýyl hem aýratyn ähmiýete eýe boldy.
    2026-njy ýylyň maksatnamasyna aýdym aýtmak, dilden dürs ýazuw, düzme ýazmak bäsleşikleri, şeýle hem mekdep okuwçylarynyň arasyndaky fransuz dili boýunça olimpiadanyň diktant, test we söhbetdeşlik tapgyrlary girizildi.
    Bu çäre Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky Fransuz instituty we Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan, şeýle hem fransuz dilinde gepleýän ýurtlaryň: Belgiýanyň, Rumyniýanyň, Şweýsariýanyň, Kanadanyň, Ermenistanyň, Ukrainanyň ilçihanalarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýakyndan goldamagynda guraldy. «Frankofoniýa – 2026» bäsleşigine «TotalEnergies», «Bouygues Turkmen», «Boutique de Paris», «Eurocosmetics», «Lacoste», «La Tartine», «Swiss Best», «Alliance», «Le.Travel», «Dessange International» kompaniýalary hemaýatkärlik etdiler.
    Bäsleşige fransuz diline we medeniýetine höwesli talyplar, mekdep okuwçylary hem-de Fransuz institutynyň diňleýjileri işjeň gatnaşyp, öz bilimlerini we ukyplaryny görkezdiler.
    Döredijilik we intellektual bäsleşikleriň ähli ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda bäsleşigiň guramaçylaryndan we hemaýatkärlerinden diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
    «Frankofoniýa» diňe bir bäsleşik bolman, eýsem fransuz dilini öwrenýänler üçin Fransiýanyň baý medeni dünýäsine aralaşmaga we özara tejribe alyşmaga döredilen platformadyr. Geçirilen bu çäreler Türkmenistanda fransuz diliniň we medeniýetiniň wagyz edilmegine, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň täze derejä göterilmegine goşant goşýar.

    Şöhle BAÝMYRADOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

    Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz:
    https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/232165

    Soňky täzelikler

    TALYPLARYMYZ TASLAMA IŞLERIŇ SERGI BÄSLEŞIGINE GATNAŞDY surady

    18/04/2026

    TALYPLARYMYZ TASLAMA IŞLERIŇ SERGI BÄSLEŞIGINE GATNAŞDY
    YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    17/04/2026

    YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
    SANLY ULGAM ARKALY HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI surady

    16/04/2026

    SANLY ULGAM ARKALY HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI