08/12/2023
1693
Fotožurnalistika bäsleşigi
2023-nji ýylyň 8-nji dekabrynda baky Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň gurnamagynda fotožurnalistika bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyplarynyň arasynda geçirilip, her talyp öz foto işlerini hödürlediler. Bäsleşikde görkezilen suratlarda merjen şäherimiz Aşgabadyň mermer binalary, tebigatymyzyň gözellikleri öz beýanyny tapdy. Emin agzalaryň gelen netijelerine görä, I orna Mahym Annadurdyýewa, II orna Oguzhan Muhammetnazarow, III orna Geldimyrat Tagyýew dagy mynasyp boldular. Ýeniji bolan talyplar degişli Hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Şamaral GARAÝEWA,
Türkmenistanyň Dașary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl tałyby.
Soňky täzelikler
01/05/2026
YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
30/04/2026
SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
29/04/2026
ÝAŞ ŽURNALISTLER ÜÇIN OKUW SAPAGY GURALDY