169
EMELI AŇYŇ YKDYSADY PUDAKLARDA ULANYLYŞY BARADA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Emeli aňyň ykdysady pudaklarda ulanylyşy» boýunça okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyna institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Bu okuw sapagyny institumyzyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Sülgün Nepesowa alyp bardy.
Onuň dowamynda Türkmenistanyň ykdysady pudaklarda emeli aňyň ulanylyşyny ýola goýmak we kämilleşdirmek boýunça gürrüň edildi. Şeýle hem işiň dürli görnüşlerinde emeli aňyň döwrebap hyzmatlaryny peýdalanmagyň artykmaçlyklary, usullary, halkara okuw platformalary dogrusynda çykyş edildi.
Okuw sapagynda emeli aňyň önüm öndürmekden başlap, gümrük amallaryny ýerine ýetirmek ýaly artykmaçlyklary barada giňişleýin durlup geçildi. Şeýle hem oňa gatnaşyjy talyplar tema degişli özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler.
Merjen NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.