26/11/2024
1101
Emeli aň boýunça geçirilen okuw sapagy
2024-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Emeli aňyň aýratynlyklary we ony ornaşdyrmagyň dünýä derejesindäki tejribesi» atly okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyna institutyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Bu okuw sapagy institutyň Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi tarapyndan geçirildi. Okuw sapagynyň dowamynda emeli aň düşünjesi, onuň gelip çykyşy, häzirki zaman innowasion tehnologiýalar döwründe ösüşi we kämilleşdirilişi, şeýle hem onuň dünýä derejesinde tutýan möhüm orny we ösüş depginine ýetirýän täsiri barada gürrüň berildi.
Sapagyň netijeli bolmagy üçin emeli aň barada talyplar bilen pikir alyşyldy.
Tirkeş DÖWLETNAZAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölüminiň
1-nji derejeli inženeri.
Soňky täzelikler
01/05/2026
YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
30/04/2026
SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
29/04/2026
ÝAŞ ŽURNALISTLER ÜÇIN OKUW SAPAGY GURALDY