06/01/2026
154
Emeli aň bilen bagly okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda adam aňy bilen sanly tehnologiýalaryň özara baglanyşygyna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi.
Okuw sapagyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Meredow Nazar geçirdi. Okuw sapagynyň dowamynda tehnologiki ösüşiň diňe bir awtomatlaşdyrmak däl, eýsem ynsanyň döredijilik ukybyny artdyrmakdaky orny barada giňişleýin durlup geçildi. Kompýuterler uly möçberdäki maglumatlary işlemekde bäsdeşsiz gural bolup durýan bolsa, strategiki çözgütleri kabul etmek we täzeçillik döretmek diňe ynsan aňyna mahsusdyr. Şoňa görä-de, geljegiň innowasiýalary bu iki güýjüň, ýagny adam bilen kompýuteriň biri-biriniň ornuny tutman, eýsem biri-biriniň üstüni ýetirip, sazlaşykly hereket etmegine esaslanýandygy nygtaldy.
Geçirilýän şeýle söhbetdeşlikler öz täsirliligi bilen tapawutlanyp, talyplaryň arasynda uly gyzyklanma eýe bolýar.
Hojanýaz GUWANJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.