21/11/2024
76
“EkoClub” tarapyndan “Arassa şäher – ýaşyl şäher” temasy boýunça bäsleşik geçirildi
2024-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “EkoClub” tarapyndan gurnalan “Arassa şäher – ýaşyl şäher” atly bäsleşik geçirildi.Bäsleşik institutyň dünýä dilleri kafedrasy tarapyndan geçirilip, oňa institutyň talyplary gatnaşdylar.
Iňlis dilinde geçirilen bu bäsleşik 3 basgançakdan ybarat bolup, fakultetlerden döredilen toparlar özara bäsleşdiler. Bäsleşikde toparlar “Arassa şäher – ýaşyl şäher” temasy boýunça prezentasiýa bilen çykyş etdiler, wiktorina soraglaryna jogap berdiler, şeýle-de “Arzuwymdaky şäher” atly tema boýunça gürrüň berdiler.
Bäsleşigiň jeminde emin agzalaryň gelen netijelerine görä ýeňijilere guramaçylyk topary tarapyndan Hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Aýgül HAÝYTOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby.
Soňky täzelikler
21/11/2024
Halkara tejribe — kämilligiň binýady20/11/2024
Mugallymymyzyň gazanan üstünligi