26/12/2025
42
Düzme ýazmak bäsleşiginiň jemleri jemlendi
2025-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda yglan edilen iňlis dilinde düzme ýazmak bäsleşiginiň jemleri jemlendi. Döredijilik bäsleşigi institutyň Dünýä dilleri kafedrasy tarapyndan guraldy.
Bäsleşige hödürlenen düzmelerde Milli Liderimiziň çuňňur paýhasa ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitabynyň dürli ugurlardaky ähmiýetine seljerme berlip, talyp ýaşlar bu babatda özleriniň pikir-garaýyşlaryny giňişleýin beýan etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan bu esere esaslanyp, düzmelerde şan-şöhratly geçmişimiz, milli gymmatlyklarymyz, halkymyzyň belent ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgeleri aýdyň şöhlelendirildi. Eminler topary hödürlenen düzmeleri seljerip, olaryň ýazylyş ussatlygyna, derwaýyslygyna, çeperçiligine laýyklykda iň mynasyplaryny saýladylar. Şeýlelikde, ýeňiji bolan talyplar Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.
Aýjemal TOWÇAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.